Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň şu ýylyň 10 ― 12-nji apreli aralygynda Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) geçiriljek saýlama tapgyry üçin türgenleşiklere girişdi.
Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde geçirilýän türgenleşikler 19-njy fewralda tamamlanar. Milli ýygyndymyzyň häzirki türgenleşiklerine «Deňizçi», «Gümrükçi», «Köpetdag», «Senagatbank», «Serhetçi», «Migrasiýa», «Milli goşun» we TNGIZT futzal toparlaryndan 17 futzalçy çagyryldy. Türgenleşikler her gün iki wagtyna geçirilýär.
Şu ýyl geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna gatnaşmak üçin dört sebitde 30 milli ýygyndy ýaryşar. Bije çekilişigiň netijesinde Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy «A» toparçada ýaryşar. Umumy ýaryşyň Merkezi we Günorta sebitine degişli bu toparçada biziň ildeşlerimizden başga-da, Eýranyň, Gyrgyzystanyň we Maldiw adalarynyň ýygyndylary bar. Şu sebitdäki «B» toparçany bolsa Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we Nepalyň ýygyndylary düzýär.
Türkmen futzalçylary 10-njy aprelde Gyrgyzystanyň, 11-nji aprelde Eýranyň, 12-nji aprelde Maldiw adalarynyň ýygyndylary bilen duşuşar. Saýlama duşuşyklaryň netijesinde iň ýokary netije gazanan iki ýygyndy ýaryşyň final tapgyryna gatnaşar.
Yklym kubogy üçin jemleýji ýaryşda 16 ýygyndy güýç synanyşar. Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşy şu ýylyň 25-nji sentýabryndan 20-nji oktýabryna çenli aralykda Kuweýtde geçirmek meýilleşdirilýär.
Milli ýygyndymyzyň hatarynda şu futzalçylar türgenleşýär:
T/b
Ady we Familiýasy
Doglan senesi
Topary
Wezipesi
1.
Meretgeldi Baýramow
08.01.1996ý.
«Deňizçi» FT
Derwezeçi
2.
Şageldi Abdrahmanow
10.07.1993ý.
«Gümrükçi» FT
Derwezeçi
3.
Berdimyrat Sapardurdyýew
19.08.1993ý.
«Köpetdag» FK
Derwezeçi
4.
Allamyrat Kurbanow
31.08.1995ý.
«Deňizçi» FT
Futzalçy
5.
Mekan Şamyradow
10.11.1990ý.
«Gümrükçi» FT
Futzalçy
6.
Mülkaman Annagulyýew
16.10.1993ý.
«Köpetdag» FK
Futzalçy
7.
Maksat Soltanow
29.01.1993ý.
«Deňizçi» FT
Futzalçy
8.
Gurbangeldi Sähedow
18.05.1994ý.
«Aşgabat» FK
Futzalçy
9.
Berdiguly Meredow
20.12.1993ý.
«Senagatbank» FT
Futzalçy
10.
Maksat Amanow
15.08.1996ý.
«Gümrükçi» FT
Futzalçy
11.
Kadyr Berenow
26.10.1994ý.
«Deňizçi» FT
Futzalçy
12.
Şiri Baýramdurdyýew
16.11.1990ý.
«Deňizçi» FT
Futzalçy
13.
Röwşen Rejepdurdyýew
06.09.1995ý.
«Köpetdag» FK
Futzalçy
14.
Gylyçmyrat Gylyçmyradow
06.08.1992ý.
«Deňizçi» FT
Futzalçy
15.
Daýanç Garajaýew
26.04.1995ý.
«Deňizçi» FT
Futzalçy
16.
Nepesgeldi Ataýew
28.02.1999ý.
«Gümrükçi» FT
Futzalçy
17.
Röwşen Orazmuhammedow
19.09.1992ý.
«Köpetdag» FK
Futzalçy

