Turkmenportal logo
12.02.22
18161816
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mattarelladan Berdimuhamedowa hoşallyk haty gelip gowuşdy
Mattarelladan Berdimuhamedowa hoşallyk haty gelip gowuşdy

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarelladan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Hatda hususan-da şeýle diýilýär:


«Meniň Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagym mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Munuň özi Siziň ýurdumyza berýän ünsüňiziň ýene-de bir subutnamasy boldy.


Täze ýediýyllyk möhletde biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän dostluk gatnaşyklaryny, şol sanda sebit derejesindäki has işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde pugtalandyrmak boýunça başlanan işi dowam etdirmek baradaky arzuwymy tassyklamak isleýärin.


Bu mümkinçilik maňa Italiýa Respublikasynyň Prezidenti hökmünde biziň halklarymyzyň rowaçlygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmaga bilelikde ýardam bermek işinde mundan beýläk-de ylham berer.


Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, dostlukly türkmen halkyna bolsa tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň!»