Turkmenportal logo
08.02.22
68236823
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Gerekli» internet dükany 14-nji fewralda gymmat bahaly baýraklary utuş bäsleşigini geçirýär
«Gerekli» internet dükany 14-nji fewralda gymmat bahaly baýraklary utuş bäsleşigini geçirýär

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy 14-nji fewralda Söýgüliler güni mynasybetli müşderileriň arasynda täze bäsleşige başlandygyny habar berdi.


Bäsleşigiň şertleri gaty ýönekeý – «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasyndan 100 manatlyk haryt satyn almaly we baýrak alynjak aýratyn belgili ýörite kupony almaly.



Baýraklaryň sanawyny Gerekli.tm web sahypasynda görüp bilersiňiz (jemi bäş baýrak bar). Bäsleşik 7-nji fewralda başlandy we takmynan bir hepde soň – 14-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da tamamlanar.


Baýrak gowşurylyşy 14-nji fewralda sagat 18:00-da @gereklitm Instagram sahypasynda göni ýaýlymda bolar.


«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasyndan köp sanly sarp ediş harytlaryny – azyk önümlerini, öý goşlaryny, tämizleýji serişdeleri, elektronika enjamlary, egin-eşiklerdir aýakgaplary we ş.m. önümleri satyn alyp bilersiňiz. Mundan başga-da, «Gerekli» internet dükanynyň «Gerekli Express» programmasynyň üsti bilen müşderiler, diňe bir gerekli.tm web sahypasynyň sanawynda bar bolan harytlary däl-de, eýsem ýurdumyzyň beýleki internet dükanlaryndan hem özleriniň islän önümlerini öňünden sargyt edip satyn alyp bilerler.