Aşgabatda eýran filmleri görkezilýär

16:1608.02.2022
0
5697

Eýranyň Aşgabatdaky Medeni merkezi paýtagtyň ýaşaýjylaryny milli kinematografiýanyň gazananlary bilen tanyşdyrýar. IRNA agentliginiň habaryna görä, bu merkeziň guraýan «Eýran kinosynyň günleri» we «Yslam rewolýusiýasynyň üstünlikleri» atly sergi myhmanlaryna garaşýar.

Çäräniň açylyş dabarasyna pars dilini öwrenýän türkmen talyplarynyň gatnaşandygy bellendi. Medeni attaşe Nawid Rasuli tomaşaçylar bilen söhbetdeşlikde Eýranda kinematografiýanyň nähili ösendigini we dünýä derejesinde nähili belentliklere ýetendigini gürrüň berdi.

Eýran kinosynyň taryhynyň 121 ýyl ozal başlandygyny we ilkinji eýran filminiň 91 ýyl ozal surata düşürilendigini aýtdy.

Şu günler medeni merkeze baryp görmek bilen, Eýranyň howa we harby pudaklarda, energiýa we oba hojalygynda, ylymda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri bilen tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň