Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hytaý bilen ulag we kommunikasiýa boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

14:4405.02.2022
0
14130

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hytaýyň birnäçe kompaniýalarynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşde duşuşyk geçirdi. Şunda ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Bu ulgamyň ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ähmiýetini nazarda tutup, Türkmenistan hem, Hytaý hem oňa aýratyn ähmiýet berýärler.

«China Civil Engineering Construction Corporation» korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda Hytaýyň eksport-import ýüklerini has amatly ugur boýunça Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirmegiň, demir ýollar arkaly daşalýan üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmagyň, şeýle hem şu pudagyň teplowoz we ýolagçy wagonlaryna gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary ibermegiň hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

HHR-iň iri maşyngurluşyk kompaniýalarynyň biri bolan «China Machinery Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň ýurdumyzda amala aşyrylýan gämigurluşyk taslamalaryny maliýeleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändigi barada aýdyldy.

Hytaý ulag-aragatnaşyk assosiasiýasynyň ýanyndaky Halkara konteýner demir ýol ulaglaryny gurnamak işleri boýunça utgaşdyryjy merkeziň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde hytaý tarapy ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdi. Mundan başga-da, Ýewropa we Türkiýe ugurlary boýunça Türkmenistanyň çäginden ýük konteýner demir ýol ulaglaryny geçirmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän türkmen-hytaý gatnaşyklaryna, ählumumy ösüşiň ýagdaýlaryna umumy meýilleri we birmeňzeş garaýyşlary nazarda tutup, uly geljegiň garaşýandygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň