BMG: Moskwa — durmuşyň hili boýunça dünýäniň iň oňat megapolisi

18:0304.02.2022
0
1035

Birleşen Milletler Guramasy RF-niň paýtagty Moskwa şäherini durmuşyň hili we infrastrukturanyň ösüşi diýen ugurlar boýunça dünýäniň iň gowy megapolisi diýip yglan etdi, bu barada guramanyň düýn çap edilen «Şäherleriň gülläp ösüş indeksinde» görkezilýär. Bu barada «Izwestiýa» ýazýar.

Infrastrukturanyň ösüşi boýunça Moskwa 83,2 bal, Pariž 76,3 we London 75,9 bal gazandylar. Durmuşyň hili boýunça hem bu gadymy rus şäheri Fransiýanyň we Beýik Britaniýanyň paýtagtlaryndan saýlanmagy başardy.

Megapolisleriň 29-synyň gatnaşmagyndaky bütindünýä reýtinginde Moskwa üçünji orny, ilkinji orny Singapur, ikinji ýeri bolsa Toronto eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň