Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow dokma kärhanalarynyň önümleriniň brend nyşanlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada 28-nji ýanwarda Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenistanda dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynyň işe girizilýändigini, olarda çykarylýan ýokary hilli önümleriň görnüşleriniň köpelýändigini aýtdy. Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan döwrebap dokma toplumlarynda ýokary hilli, dürli görnüşli matalar dokalyp, olaryň kuwwatlylygy degişlilikde, 1 million 200 müň sany hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Ekologiýa taýdan arassa bu önümler içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilip alynýar.
Wise-premýer ýurduň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynyň täze önümleriniň haryt nyşanlarynyň teklip edilýän görnüşleriniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we olary döwlet Baştutanyna hödürledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalary, Türkmenistanyň we dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň hasabyna dokma senagatynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, ýurduň dokma önümleriniň diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny belläp geçdi.
Döwlet Baştutany dokma önümleriniň «Jeýtun», «Mäne» atly täze haryt nyşanlaryny makullap, türkmen dizaýnerleriniň içerki bazaryň isleglerini öwrenmek we ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur almak bilen, egin-eşikleriň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyklaryny, önümçilige girizmelidiklerini belledi hem-de wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Belläp geçsek, şu günki güne çenli Türkmenistanyň dokma toplumlarynda «Goza», «Wada», «Bedew», «Nusaý», «Gala», «Arwana», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Ak pamyk» haryt nyşanlary bilen giňden tanalýan önümler öndürilýär.