Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň şu gün – 28-nji ýanwarda geçirilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky ilçisini belledi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow şol bir wagtda Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde bellendi.
Diplomat M.Aýazow 2018-nji ýylyň dekabryndan bäri Ermenistanda ilçi bolup işleýär.
Türkmenistan bilen Liwan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar 1993-nji ýylyň maý aýynda ýola goýudy.