Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Aşgabatda az-kem ýagyş ýagar

09:3527.01.2022
0
1540
Şu gün Aşgabatda az-kem ýagyş ýagar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 27-nji ýanwarda Türkmenistanda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

  • Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 60 — 80%.
  • Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0...-2° sowuk, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 707 mm, çyglylygy 65 — 85%.
  • Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarynda +5... +10° maýyl bolar.
  • Türkmenbaşy şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 747 mm, çyglylygy 60 — 80%.
  • Awazada: howa +7... +9°, basyşy 755 mm, çyglylygy 65 — 85%.
  • Balkanabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 757 mm, çyglylygy 55 — 75%.
  • Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +9... +14°, günorta-gündogar etraplarynda +17° çenli maýyl bolar.
  • Änew şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 741 mm, çyglylygy 65 — 85%.
  • Tejen şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.
  • Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +12... +17° maýyl bolar.
  • Mary şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 737 mm, çyglylygy 60 — 80%.
  • Baýramaly şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 736 mm, çyglylygy 55 — 75%.
  • Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +10... +15° maýyl bolar.
  • Türkmenabat şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 742 mm, çyglylygy 60 — 80%.
  • Kerki şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70%.
  • Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2... -7° sowuk, gündizine 0... +5° maýyl bolar.
  • Daşoguz şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 752 mm, çyglylygy 50 — 70%.
  • Köneürgenç şäherinde: howa +2... +4°, basyşy 753 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň