Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moskwada türkmen aýdym-saz sungatyna bagyşlanan seýrek neşirler görkezilýär

12:5826.01.2022
0
8950

Türkmenistanyň aýdym-saz mirasy barada seýrek duş gelýän kitaplaryň nusgalary şu gün Moskwada başlanan «Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklarynyň aýdym-saz halk döredijiligi» atly sergide görkezilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna GDA-nyň dürli ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdy. Sergide türkmenleriň däp bolan mirasy barada dürli neşirler görkezilýär. Ähli halklaryň döredijiligini birleşdirýän aýdym-saz ýygyndylary we gramofon ýazgylary bilen aýratyn ýer tutulýar.

Konserte kompozitor Mämmet Güseýnow we aýaly Dariýa Güseýnowa gatnaşdy. Mämmet Güseýnow bu ýerde Gurbannazar Ezizowyň şygyrlary esasynda döreden wokal kompozisiýasyny ýerine ýetirdi.

Şeýle hem dabarada Moskwadaky Türkmen medeniýeti jemgyýetiniň başlygy Gülnabat Tekäýewa gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Sergi 2022-nji ýylyň 22-nji fewralyna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň