Soňky habarlar

Arhiw

«Zenan kalby» žurnalynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

18:1024.01.2022
0
3653
«Zenan kalby» žurnalynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oýlanyşykly döwlet syýasatyny giňden wasp etmek, dürli kärde zähmet çekýän mähriban gelin-gyzlarymyzyň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýyl mynasybetli «Halkyň Arkadagly zamanasy: hünärli elleriň zynaty» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň şertleri

«Halkyň Arkadagly zamanasy: hünärli elleriň zynaty» ady bilen geçiriljek bu bäsleşige gelin-gyzlar öz döreden çeper-publisistik makalalary, oçerkleri, goşgularydyr şahyrana eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşige iberilýän eserlerde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň raýatlarynyň yhlasly çekýän zähmetleri, milli mirasymyzyň köptaraply aýratynlyklaryny nazara alyp, gelin-gyzlaryň el işlerini dürli žanrlaryň üsti bilen çeper we döredijilikli beýan edilmelidir.

Bäsleşigiň jemini jemlemek

Bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary düzülýär. «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasyna iberilen dürli žanrlardaky eserler döwrebap, çeper beýan edilişine seredilip, žurnalda çap ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener. Bäsleşigiň jemleri 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilikli eserler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän işleriň ýany bilen oňa gatnaşyjy baradaky maglumatlar, salgylar we 3x4 ölçegli fotosurat bolmalydyr.

Makalalary şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly-100, Erkin döredijilik mekany, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy ýa-da E-mail salgysy: zenankalby-zurnaly@online.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň