Türkmenistanda her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden, Tejen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Lebap welaýatynyň Kerki, Mary welaýatynyň Baýramaly etraplarynyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölümleriniň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýynyň anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary ulanmaga berildi.
Ulanmaga berlen desgalaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşigi ýerine ýetirdi. Bu desgalarda daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň öndürýän, häzirki zaman innowasion enjamlary ornaşdyryldy. Bu enjamlar awtoulaglaryň ekologik kadalaryň talaplaryna laýyklygynyň, dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýynyň, tizlik ölçeýjisiniň işleýşiniň, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdarynyň, yşyklandyryş we durzujy ulgamlarynyň talabalaýyklygynyň barlaglaryny ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi anyklaýyş işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen bir hatarda, etraplaryň ilaty üçin bu işleri uzak aralyga gitmezden, gysga wagtda ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär.
Edara binalarynyň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslendi, aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Myhmanlar edara binalarynda döredilen ýokary derejeli şertlerdir mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Dabaralaryň dowamynda has tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.