Soňky habarlar

Arhiw

Amerikaly alymlar adama doňuzyň böwreklerini oturtdylar

18:4521.01.2022
0
628
Amerikaly alymlar adama doňuzyň böwreklerini oturtdylar
Surat: Alabama uniwersiteti, Birmingem

Amerikaly lukmanlara adama doňzuň iki böwregini birbada oturtmak başartdy, bu barada American Journal of Transplantation žurnalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Synag üçin lukmanlara böwrek hassalygyndan çynlakaý ejir çekýän 57 ýaşly erkek kişiniň hossarlaryndan rugsat almak gerek boldy, ol eýýäm komada ýatyrdy we öz beden agzalaryny ylma bagyş edýändigi barada wesýetnama ýazypdy.

Ýörite operasiýanyň netijesinde oturdylan böwrekleriň ikisi-de onuň bedeninde oňyn sazlaşyga girdi we kadaly işlemegini dowam edýär. Indi lukmanlar bu şowly geçen synagyň köp adamyň janyny halas etmäge ýol açjakdygyna umyt edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň