Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň iň gowularyny saýlamakda türkmenistanlylar kime ses berdiler?

11:1019.01.2022
0
7954

FIFA tarapyndan geçen ýylyň iň gowularyny saýlamak maksady bilen geçirilen ses berlişige bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň wekilleri hem ses berdiler. Has takygy, ses berlişige milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow bilen sport žurnalisti Aleksandr Werşinin gatnaşdy.

Arslanmyrat Amanow ýylyň futbolçysy üçin ses berlişikde birinji basgançaga Robert Lewondowskini ýazdy. Şeýle hem ol Lionel Messini ikinji, N’Golo Kanteni üçünji görkezdi.

Žurnalist Aleksandr Werşininiň sanawynyň başynda bolsa Lionel Messi bar. Ol Kewin De Brýoýneni ikinji, Jorjinýony üçünji ýazdy.

Bu ada milli ýygyndymyzyň saýlan futbolçysynyň ― Robert Lewondowskiniň mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

FIFA ýylyň tälimçisi hökmünde «Çelsiniň» baş tälimçisi Tomas Tuheli saýlady.

Arslanmyrat Amanow bu at üçin dalagärleriň sanawynyň birinji basgançagyna Roberto Mançinini ýazdy. Ol Hans-Diter Fliki ikinji, Tomas Tuheli bolsa üçünji orunda gördi.

Aleksandr Werşininiň sanawy şeýle: Hosep Gwardiola, Lionel Skaloni we Roberto Mançini.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň