Türkmen milli senenamasynda kiçi çille döwri başlady

11:3818.01.2022
0
2281

Kiçi çille — bu 17-nji ýanwardan 5-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 20 gün bolan döwürdir.

Bu döwürde howa sowuk hem ygally bolýar. Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde howanyň derejesiniň ortaça - 2, - 6, beýleki ýerlerinde bolsa - 2, +4 gradusa deň bolýandygyny köpýyllyk maglumatlar görkezýär. Kiçi çillede ýagan gar ýerde köp ýatýar. Gar ýerde ýatsa, şüdügärlenen ýerleri bozukdyrýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňip, yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar.

Kiçi çille döwründe güýzlük bugdaý gyşky «rahatlyk» ýagdaýynda bolýar.

Şorlaşan ýerlerde şüdügärlenen meýdanlar tekizlenip, çil çekilýär we ýuwuş suwy tutulýar. Oba hojalyk tehnikalary abatlanyp, ýaz ekişine taýýarlyk görlüp başlanýar.

Toprakda yzgar toplamak maksady bilen, miweli baglara gyş suwy berilýär. Howanyň amatly wagty agaçlary kesmek, timarlamak we şekil bermek işleri geçirilýär, ýaş nahallar oturdylýar.

Kiçi çille döwründe öri meýdanlarda garyň ýatýandygy, gyraw düşýändigi sebäpli mal bakmak üçin amatsyz bolýar. Şonuň üçin hem bu döwür dowarlary gyşlatmagyň iň aýgytly wagty hasaplanylýar. Bu döwürde ene goýunlary, toklulary goşmaça ot-iým bilen iýmitlendirmegiň uly ähmiýeti bolup, olaryň abat hem tükel gyşlamagyna şert döredilýär.

Käbir ýyllar kiçi çille döwründe howanyň amatsyzlygy, öri meýdanlarynyň otunyň çygraýandygy sebäpli dowarlara kaşarlarda gury bedeleriň berilýän halatlary has köp bolýar.

Dowardarçylyk bilen meşgullanýan adamlar kiçi çille döwründe dowarlary aýratyn üns bilen gurşap, olary talabalaýyk gyşlatmagyň aladasyny edýärler.

Ki­çi çil­le ba­ry-ýo­gy 20 gün do­wam et­se-de, mal­jan­ly adam­la­ryň hy­syr­dy­sy­ny art­dyr­ýar. Bu ýag­daý öri meý­dan­lar­da has-da çyl­şy­rym­ly. Ot-çöp­le­riň üs­tü­ni gar bas­ýar, oba ýer­le­rin­de ot-iým, be­de, sa­man ýa­ly zat­la­ryň äti­ýaç­ly­gy ahyr­la­ýar. Do­war­la­ry goş­ma­ça iý­mit­len­dir­me­li bol­ýar. Yn­ha şu ýer­de-de Uly çil­lä­niň ini­si­ne: «Git-de, so­wuk­lyk dö­ret, öz bor­ju­ňy ber­jaý et» di­ýen sar­gy­dy ýe­ri­ne düş­ýär-de du­ru­ber­ýär. Uly çil­lä­niň beý­le diý­me­gi aşak­da­ky ma­ny­ny ber­ýär. «Adam­lar, ha­bar­dar bo­luň, Uly çil­le geç­di di­ýip ar­ka­ýyn­laş­maň, me­niň yzym­dan inim Sa­ry, ýag­ny Ki­çi çil­le-de gel­ýän­dir». Dog­ru­da­nam, çar­wa adam­lar bu döw­ri ha­la­ma­ýar­lar, se­bä­bi di­ýe­niň­de, şat­la­ma aýaz­lar we gar­ly ho­wa­lar do­war­la­ryň örü­si­ni da­rald­ýar, ola­ry el­den iý­mit­len­dir­me­li bol­ýar. Ýö­ne ýan­war – few­ral aý­la­ryn­da aram-aram ma­ýyl ho­wa­la­ram bo­lýar. Beý­le ho­wa köp­lenç bir­ki gi­je-gün­di­ziň için­de bo­lup geç­ýär. Er­ti­ri­ne şe­mal­syz-zat­syz ýy­ly ho­wa +8…+10°C ba­ran­dyr. Soň­ra bir­den to­zan­ly tu­pan tu­rup, bir­de­nem tem­pe­ra­tu­ra üzül-ke­sil pe­sel­ýär we ag­şa­ma­ra­lar ýa­gyş ýa­gyp baş­la­ýar. Şol ýa­gyş hem, gi­jä­niň bir wag­ty yzy­ny ga­ra tut­dy­ryp, er­ti­re go­laý -10…-15°C so­wuk bol­ýar. Şeý­le­lik bi­len, ýur­du­my­zyň gü­nor­ta et­rap­la­ry­nyň ila­ty bir gi­je-gün­di­ziň için­de bir­ba­da ýy­lyň dört pas­ly­nyň ho­wa­sy­na döz gel­me­li bol­ýar.

Şo­nuň ýa­ly aň­zak­ly so­wuk 1967-nji ýy­lyň few­ral aýy­nyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da bo­lup­dyr. Türkmenistanyň en­çe­me et­rap­la­ry şol ýyl tu­tuş ga­ra ba­sy­ry­lypdyr, ga­ryň ga­lyň­ly­gy 15-20 san­ti­met­re ýet­ipdi. 1969-njy we 1972-nji ýyl­la­ryň tu­tuş few­ral aý­la­ry hem şo­nuň ýa­ly aň­zak so­wuk­ly­gy­dyr ga­lyň gar­ly­gy bi­len tapa­wut­la­nyp­dyr. Şol ga­zap­ly gyş­da nar, in­jir, üzüm ýa­ly ýy­ly­ly­gy söý­ýän mi­we­li we ir-iý­miş­li agaç­la­ry tu­tuş­la­ýyn so­wuk urup­dyr, mal­dar­çy­ly­ga uly zy­ýan ýe­ti­ri­lip­dir.

Gü­nüň uzal­ma­gy bi­len ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­sin­de-de öz­ge­riş­lik­ler ge­çip baş­la­ýar. En­tek ola­ryň kö­pü­si gy­şyň dynç­lyk ýag­da­ýyn­da bol­sa-da kä­bir­le­ri sä­hel ho­wa maý­la­dy­gy jan­la­nyp baş­la­ýar­lar. Mer­ke­zi Kö­pet­da­gyň ge­riş­le­rin­de, de­mir­ga­zyk ýap­gyt­la­ryn­da gar gö­rün­ýän bol­sa-da, bi­raz aşag­rak­da, de­re­le­riň gü­neý ýap­gyt­la­ryn­da maý­da ot­lar gül­le­ýär. Ola­ryň owa­dan sa­ry gül­le­ri ýap­rak­la­ryn­dan has öňür­ti peý­da bol­ýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň