Soňky habarlar

Arhiw

Bosforda gämi gatnawy saklandy

14:5117.01.2022
0
357
Bosforda gämi gatnawy saklandy

Bosfor bogazynda ýük daşaýan gäminiň näsazlygy sebäpli iki tarapa hem gämi gatnawy üçin päsgelçilik döredi, bu barada Türkiýäniň kenar goragy edarasy Twitterde habar berdi. Habarda Rumyniýa barýan gäminiň Soltan Selim Ýowuzyň köprüsiniň ýanynda döwlendigi aýdylýar.

Bosfor — Ýewropa bilen Kiçi Aziýanyň arasyndaky deňiz bogazy bolup, Gara we Mermer deňizleri birleşdirýär. Ol şeýle-de Dardanella bilen bilelikde Gara deňzi Ortaýer deňziniň gündogar böleginde ýerleşýän Egeý deňzine birikdirýär. Ol içkiýewraziýa serhediň bir bölegi we dünýäde iň dar yklymara bogazdyr.

Onuň iki ýan tarapynda-da Stambul şäheri ýerleşýär. Bogazyň uzynlygy 30 kilometr, iň giň ýeri 3700 metr, iň dar ýeri 700 metr, çuňlugy 33-den 80 metre çenlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň