Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew 60 ýaşyny belleýär

16:4616.01.2022
0
10158

Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew şu ýylyň ýanwar aýynda 60 ýaşaýar.

Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, aktýoryň göwni öňküsi ýaly juwan we döredijilik hyjuwyndan doly. Munuň sebäbi-de döredijilik işiniň hiç wagt çägi ýokdyr.

Anna Mele 1962-nji ýylda Balkan welaýatynyň Serdar (öňki Gyzylarbat) şäherinde dogulýar. Bir gün duýguçyl çaga oba toýunda ýiti häsiýetli tansçynyň çykyşyny gördi. Märekeden tans meýdançasynyň ortasyna çakgan ýigit Seýitnepes Nepesow böküp çykdy. Anna çeper tansa haýran galyp seredýärdi. Hut şol pursatda-da ol hem özüniň tutuş durkuny ähli aktýorlyk hyjuwy bilen sahna bagyşlamak isleýändigini duýdy.

Tizden oňa şeýle mümkinçilik hem boldy. Ol dogduk şäherindäki halk teatryna diňe bir tomaşaçy hökmünde däl, eýsem sahna oýunlaryna gatnaşýan hökmünde-de gatnap başlady. Orta mekdebi tamamlandan soň bolsa, Annany agasy Aşgabada getirip, «Türkmenfilm» kinostudiýasyna ýerleşdirdi.

– Ýaşlykda tanymal kinorežisýor Halmämmet Kakabaýew, Osman Saparow we ýene birnäçe atly adamlar bilen işleşmek bagty miýesser etdi – diýip, Anna Mele ýatlaýar – Men, hatda köpçülik rollarda surata düşmäge-de ýetişdim. Soň bolsa harby gulluga gitdim.

Gullukdan soň, 1983-nji ýylda Anna Mele Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň aktýorlyk bölüminiň talyby bolýar. Täze başlaýan aktýoryň halypalarynyň arasynda professor Nurmuhammet Keşşikow we Oguljan Nyýazberdiýewa dagy bardy. Okuwy tamamlandan soň, täze ganatlanan uçurym Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama tetryna işlemäge gidýär. Iki ýyldan soň bolsa şol wagtky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň aktýory bolup Aşgabada gaýdyp gelýär.

Şu döwürden aktýoryň hünär kämilligi başlanýar. 1991-nji ýylda Aşgabatda geçirilen teatr festiwalda görkezilen «Müň bir gije» oýnunda onuň döredijilikli işine üns berýärler we aktýoryň ilkinji sylagy «Iň gowy erkek keşbi üçin» baýrak bolýar. Tomas Mannyň eseri boýunça goýlan «Ýusup we agalary» atly bilelikdäki iş bilen Anna Meläniň režisýor Öwlüýäguly Hojagulyýew bilen hyzmatdaşlygy başlanýar.

«Korol Liri» ajaýyp ýerine ýetireni üçin, Anna Mele Germaniýada, Polşada, Ukrainada halkara sylaglara we baýraklara mynasyp boldy. Aktýor, gündiz Liri oýnap, gijelerine bolsa Gamlete türgenleşip, Fransiýada gastrolda boldy. 2007-nji ýylda «Passaž» teatr gözden geçirilişde ilkinji gezek türkmen «Gamleti» ýalkym saçdy. Watana dolanyp, Anna täze rola girişýär. Mollanepesiň 200 ýyllygy mynasybetli ol sahnada türkmen şygyrýetiniň sütün wekiliniň keşbini janlandyrýar.

– Islendik aktýoryň arzuwy monospektakl oýnamakdyr – diýip, artist pikirini aýdýar – Ýöne munuň üçin örän köp gujur, sahnany «ele almak», oýnuň başyndan aýagyna çenli tomaşaçylaryň ünsüni özüňde saklamagy, hakykat bilen hyýalyň erňeginde daýym galmak bilen «keşbe girmegi» we «keşpden çykmagy» başarmak gerek. Eger aktýor öz monospektakly, ýeke-täk bir keşp barada arzuw edýän bolsa, onda oňa hökman düşünýän pikirdeş gerek. Şu nukdaýnazardan, Öwlüýäguly meniň üçin bijaý gowy pikirdeş. Onuň bilen işleşmek üçin, men Daşkende çenli gitdim. Kärdeşlerim bu syýahatlarym barada ýomakdyr rowaýat düzýärdiler. Şonda men diňe bir halyça göterip, «Korol Lire» taýýarlyk görmäge gidýärdim. Şondan başga zat gerek däldi, men nirä barsam, şol ýerde-de kiçijek teatrym – bir aktýorlyk teatr bardy.

Anna Meläniň döredijlik terjimehalyny görkezýän resminamada birgiden spektakl, sahna oýunlary, film işleri we çykyşlar bar. Bu ajaýyp adam barada gürrüň bermek üçin, bir makalanyň çägi ýetmezçilik edýär. Bu gün halk artisti Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen işleýär, ýaşlara bilýän we başarýan ähli zadyny öwredýär. Ol döredijilik meýillerinden doly. Olaryň biri-de täze monospektaklda Magtymgulynyň keşbini janlandyrmakdyr.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýty.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň