Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda hususy awtobus eýeleri üçin täze düzgünler girizilýär

21:4511.01.2022
0
67039

Türkmenistanda mundan beýläk şahsy awtobus eýeleri üçin täze düzgünler girizilýär. Has takygy, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridiki şahslar hem-de bellenen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden umumylykda peýdalanylýan awtobusda ýolagçylary gatnatmak üçin ygtyýarnama almaly. Bu barada agentligiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Raýatlaryň degişli awtobus ulaglarynda ýolagçylary gatnatmagy üçin ygtyýarnama agentligiň saýtynda görkezilen resminamalaryň sanawyny jemlemek bilen golaýdaky poçta edarasyna tabşyrylmalydyr. Munda resminamalary poçta arkaly tölegsiz iberip bolýar.

Resminamalar tabşyrylanda poçta berilýän arzada ykjam telefonuňyzyň belgisini görkezmek hökmanydyr. Sebäbi ygtyýarnamanyň berilmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan amala aşyrylýan her bir hereket barada siziň telefon belgiňize SMS habary iberiler. SMS habary gelen telefon belgiňizden e.gov.tm saýtynda şahsy otaga birikmek bilen ygtyýarnamanyň berilmegi ýa-da haýsydyr bir sebäbe görä ondan ýüz döndürilmegi barada maglumat alyp bilersiňiz.

Degişli ygtyýarnama baradaky giňişleýin maglumatlar bilen https://tca.gov.tm saýty arkaly tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň