Top.Mail.Ru

Lebap welaýatynda tebigy gazyň 53 milliard kub metrlik täze ýataklary anyklanyldy

15:1809.01.2022
0
752

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda «Malaý» gaz käninde geçirilen maslahatda Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy baradaky çaklamalar öňe sürüldi. Milli Liderimiz täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.

― Şunça mukdaryň 53 milliard kub metri Lebap welaýatynyň çägindäki meýdançalardyr känlere degişlidir. Has takygy, Gazojak şäheriniň we «Naýyp» gaz käniniň ýakynynda ýerleşýän «Demirgazyk derwüş» meýdançasynda «mawy ýangyjyň» 30 milliard kub metriniň bardygy çaklanylýar. «Malaý» gaz käninde geçirilen täze gözlegleriň netijesinde ýene-de 23 milliard kub metrlik «hazynanyň» üstünden baryldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

«Demirgazyk derwüşdäki» ilkinji guýyny burawlamak işlerine ýakyn günlerde girişiler. Bu iş «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ymambabanebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylaryna ynanyldy. Guýynyň çuňlugy 3200 metre ýeter.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda «Malaýda» ýene iki guýyny burawlamaga girişmek meýilleşdirilýär. Taslama çuňlugy 4000 metre ýetýän guýulary «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy burawlar.

Täze «mawy ýangyçly» meýdançalaryň ýüze çykarylmagy, olaryň burawlanmagy we önüm alynmagy netijesinde ýyllyk görkezijiler yzygiderli artýar. Muny «Lebapgazçykaryş» müdirliginde alnyp barylýan işlerde hem aýdyň görýäris. Müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow geçen ýyl meýilnamanyň 134 göterim ýerine ýetirilip, 12 milliard 401 million 104 müň 693 kub metr «mawy ýangyç» alnandygyny aýdýar. Welaýatyň gazçylary degişli döwürde kondensat önümçiligini meýilnamada bellenen 43 müň 59 tonna derek 47 müň 321 tonna ýetirmegiň hötdesinden geldiler.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl «Agarguýy» käninde täze guýularyň ikisinden önüm alyndy, täze ýylyň bosagasynda bu ýerde ýene bir guýyny burawlamak işleri tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň