Soňky habarlar

Arhiw

WWF: 2022-nji ýylyň gyşy sowuk bolar

20:1308.01.2022
0
943

2022-nji ýylda dünýäniň ähli ýerinde 2020-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, sowuk gyş bolar. Bu barada Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasynyň howa maksatnamasynyň (WWF) başlygy Alekseý Kokorin beýanat berdi.

Hünärmeniň pikiriçe, muňa «La-Ninýa hadysasy» diýlip atlandyrylýan Ýuwaş ummanyň günorta böleginde sowuk suwlaryň ýokary galmagy sebäp bolar. Bu bolsa, öz gezeginde bütin planetada ortaça howa derejesiniň peselmegine getirer. Kokorin şeýle-de munuň ählumumy maýlama täsir etmeýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň