Apple kompaniýasynyň paýnamalary 3-nji ýanwarda geçen söwdalaşyklarda 3 göterim gymmatlap, täze taryhy derejä— bir gymmatbaha kagyz üçin 182,83 amerikan dollaryna deň boldy. Muňa NASDAQ biržasynyň maglumatlary güwä geçýär. Netijede, iPhone eltelefonlaryny öndürijiniň maliýesiniň ilkinji gezek 3 trilliona ýetendigi hasaba alyndy.
Geçen ýyl bu kompaniýanyň paýanamalary tas 40 göterim gymmatlady, Apple baryp 2018-nji ýylda kapitalyny 1 trilliona ýetirmegi başardy. Häzir ol ABŞ-da iň gymmat bazar bahasy bolan kompaniýadyr.
Öz gezeginde ýurduň “Bank of America” maliýe edarasy iPhone smartfonlaryny öndürijiniň bu ýyl paýnamalarynyň 210 dollara çenli gymmatlamagyna garaşýar. Täze has döwrebap önümleriň önümçiligi, esasan hem, olarda goşulan reallyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy maýa goýumçylary kompaniýanyň gymmatly kagyzlaryna “işdäsini” açyp biler.