Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «El görki ― hünär» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bäsleşigiň maksady ajaýyp zamanamyzda ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, sünnälän, sungat derejesine ýetiren senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekden ybarat boldy.
Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilen bu bäsleşige paýtagtymyzyň we welaýatlaryň etrapdyr şäherlerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda has tapawutlanyp, üstünlikli çykyş eden zehinli okuwçylar gatnaşdylar.
28-nji dekabrda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda okuwçylaryň bäsleşige hödürlän işleri sergilendi.
Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, üç ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi.
Şonda okuwçy gyzlaryň el işleri boýunça
― Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Bibihajar Heýtekowanyň «Saçak, han ýassyklar, torbalar»,
― okuwçy oglanlaryň milli senetçilik däplerimiz esasynda taýýarlan işleri boýunça Aşgabat şäherindäki 141-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Abdylla Alyýewiň «Gülýaka şaý-sep toplumy»,
― Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Öwezgeldi Aşyrmämmedowyň «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi» atly işleri iň gowulary hökmünde diýlip, birinji orna mynasyp görüldi.
Şeýle-de, okuwçylaryň arasynda ýerine ýetirilen işleriň gowulary ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
