Soňky habarlar

Arhiw

“Han ýassyk” onlaýn dükany türkmen gölli harytlaryny köpçülige ýetirip başlady

10:5130.12.2021
0
4910

Han ýassyklaryň, majlisleriň, düşekçeleriň, golluklaryň, kilimleriň we öýlere düşelýän beýleki şu hili önümleriň onlaýn satuwy we hyzmaty bilen meşgullanýan “Han ýassyk” onlaýn dükany indi önümlerini türkmen milli göllerinde halka ýetirip başlady. Bu bolsa ýurtda ýokary hilli, aýratyn-da türkmen milli gölleri bilen bezelen han ýassyklaryň we majlisleriň ilkinji gezek taýýarlanyp, köpçülikleýin alnyp barylýan satuwydyr.

“Han ýassyk” dükanynda satylýan harytlar amatly bolan kesgitli ölçegde öndürilip, ak öýlerde, dynç alyş otaglarynda, myhman otaglarynda, restoranlarda we beýleki dynç alyş ýerlerinde giňden peýdalanylýar. Onlaýn dükanyň tapawutly aýratynlygy han ýassyklaryny, majlisleri we beýleki önümleri dünýäniň islendik ýurduna eltip berýänligidir. Dükan olary daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän ýakynlaryňyza, dost-ýarlaryňyza sowgatlyk hökmünde gysga wagtda we ygtybarly iberip berjekdigine güwä geçýär.

Halk köpçüliginiň dürli reňkli türkmen milli gölleri bilen bezelen harytlara bolan islegi eýýämden artýar. “Han ýassyk” onlaýn dükanynyň harytlaryny Instagram sosial ulgamyndaky @hanyassyk hasabyndan ýa-da +99363568871 belgä jaň etmek arkaly sargyt edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň