Ýewropanyň we Türkiýäniň kämil akkumulýatorlary “VARTA” we “ÝigitAkü” — “Awtoýoly” nyşanly dükanlarda

16:2524.12.2021
0
1375

Awtoulaglaryň akkumulýatoryny saýlamakda olaryň dürli görnüşleriniň hilini, tapawudyny hem-de kepilligini bilmek örän zerurdyr. Sebäbi häzirki döwürde ähli enjamlaryň önümçiligi bilen deň derejede akkumulýatorlaryň hem täze görnüşleri döredilýär. Esasan-da, ýokary hilli akkumulýatorlary öndürmekde köp ýyllyk tejribesi bolan öndürijileriň önümlerini saýlap almak gerekdir.

Şeýle akkumulýatorlar halkyň arasynda uly abraý gazanan “Awtoýoly” haryt nyşanly dükanlarda bardyr we şol akkumulýatorlara kepillik hem-de barlag hyzmatlary hödürlenýändir.

Germaniýada öndürilen, dünýäniň köp ýurtlarynda giňden peýdalanylýan “VARTA” akkumulýatorlary 2 ýyllyk kepillendirme, nemes tehnologiýalary esasynda Türkiýede öndürilýän “ÝigitAkü” akkumulýatorlary bolsa 1 ýyl 6 aý möhletli kepillendirme bilen berilýär. “VARTA” akkumulýatorlary Ýewropanyň tapawutlanýan we dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň biri hasaplanyp, Türkmenistanyň ulag hyzmat ediş merkezlerinde esasy maslahat berilýän akkumulýatordyr. Şol sanda “ÝigitAkü” akkumulýatorlary hem Türkiýe Respublikasynda №1 brend hökmünde tanalýar.

Awtoulag bejeriş işlerini geçirýän tejribeli hünärmenleriň maslahat berýän bu akkumulýatorlarynyň dürli görnüşini “Awtoýoly” nyşanly dükanlardan amatly şertler bilen satyn almak bolýar. Ýurduň ähli welaýatlarynda hereket edýän bu dükanlarda müşderi satyn alan akkumulýatorlaryny kepilligiň çäginde bejerdip ýa-da oňa gözegçilik etdirip biler. Dükanyň akkumulýator hyzmatlarynyň ýene bir aýratynlygy SMS arkaly barlag ýatlatma hyzmatynyň bolmagydyr.

“Awtoýoly” haryt nyşanly dükanlardan satyn alnan harydyň ýa-da peýdalanylan hyzmatyň tölegini nagt we nagt däl görnüşde, şeýle-de dükanyň ýörite ball kartyndaky ballar arkaly hem töläp bolýandygyny ýatladýarys.

“Awtoýoly” dükanynyň salgylary we telefon belgileri:

  • Aşgabat ş.: Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi: +99312 45-48-16; “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi: +99312 46-91-02; 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady;
  • Mary welaýaty, Mary şäheri, Bagtyýarlyk (Atabaýew) köçesi: +993 522 5-69-82;
  • Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Alaýaz köçesi: +993 322 6-19-19;
  • Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly (Izmir) köçesi, 54: +993 422 2-97-01.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň