Soňky habarlar

Arhiw

“Hazar Logistika” kärhanasy 2021-nji ýylyň netijelerini mälim edýär

11:4122.12.2021
0
4872

“Hazar Logistika” hususy kärhanasy ýylyň dowamynda ulag-logistika hyzmatlaryny işjeň ýerine ýetirip, 2021-nji ýyl boýunça gazanan netijelerini hem-de üstünliklerini uly höwes bilen mälim edýär.

Şeýlelikde, şu ýylyň dowamynda takmynan 1 million tonna ýük ugradylypdyr. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa täze ýük ugurlaryny gurady, konteýner gatnawlary hyzmatyny ýola goýdy we täze tirkegleri goşdy.

Serhetabat we Sarahs ýaly serhetdäki iş nokatlarynyň sany köpeldi. Bu ýerde artykmaç ýükleri hasaba almak, ýük awtoulaglaryny we ýük wagonlaryny üpjün etmek, üstaşyr ýükleri hasaba almak, ýükleriň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly işler alnyp barylýar.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlykda ýük gatnawlarynyň mukdary görnetin köpeldildi. “Hazar Logistika” kärhanasy HHR-iň islendik portundan ýükleriň FOB iberilmegini üpjün edýär we bar bolan ähli hyzmatlary müşderilere ýetirýär. Mundan başga-da, “Hazar Logistika” kärhanasy öz nyşany bilen halkara konteýnerlerini ulanyşa girizmegi maksat edinýär. Ozal hususy kärhana Hytaýdan Türkmenistana ýükleri importda ulag-üstaşyr daşaýan bolsa, indi içerki önüm öndürijileriň harytlaryny hem eksport etmek üçin hyzmatlary hödürläp, halkara bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.

Kärhana häzire çenli döwlet derejesinde geçirilen dürli hili çärelere işjeň gatnaşdy. Şeýlelik bilen, awgust aýynda “Hazar Logistika-nyň” hünärmenleri Türkmenbaşyda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji maslahaty mynasybetli guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde öz kompaniýasyna wekilçilik etdiler.

Iş şertleriniň we hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek bilen kärhana şu ýylda birnäçe ygtyýarnamalara we şahadatnamalara eýe boldy:

  • “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan berlen “Senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda iş” barada 49.43.00 belgili ygtyýarnama;
  • Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan berlen Haryt Nyşanynyň Şahadatnamasy;
  • Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugy tarapyndan berlen Ekologiýa Pasporty;
  • “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan çykarylan “Ýük awtoulag serişdeleriniň işi” baradaky 49.41.00 belgili ygtyýarnama.

Logistika kompaniýasy 2022-nji ýylda demir ýol ýük gatnawlaryny ösdürmegi, daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň indiki ýyl üçin maksat edinýän işlerinde jogapkärli wezipeler aýratyn orny eýeleýär, ýagny “Hazar Logistika” kärhanasy göterijilik kuwwaty 5300-8100 tonna deň boljak Türkmenistandaky ilkinji gury ýük gämisiniň gurluşygyna girişer. Bu gäminiň gurluşygy “Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işi bilen utgaşykly amala aşyrylar. Ol bolsa öz nobatynda boş iş orunlarynyň döremegine ýardam eder.

“Hazar Logistika” kärhanasy geljege uly maksatlar bilen çemeleşýär, giň göwrümli meýilnamalary täsirli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň