Turkmenportal logo
17.12.21
2272422724
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň bazarlaryndaky harytlaryň nyrhalaryna gözegçilik eder
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň bazarlaryndaky harytlaryň nyrhalaryna gözegçilik eder

Türkmenistanyň Minsitrler Kabinetiniň 17-nji dekabrda geçirilen mejlisiniň dowamynda hormatly Prezident ýurduň ykdysadyýet we maliýe toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, ýakyn wagtda welaýatlarda bolup, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmagy tabşyrdy.


Döwlet Baştutany bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli nähili soraglaryň bardygy bilen tanyşmagy tabşyryp, bar bolan meseleleri çözmegiň ýollary barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.