Ýaponiýanyň iri awtoulag korporasiýasy 2030-njy ýyla çenli elektrikde işleýän ulaglaryň 30 kysymyny alyjylara teklip etmegi meýilleşdirýär. Bu barada düýn geçen metbugat ýygnagynda awtokonserniň prezidenti Akio Toýoda habar berdi.
Ol agzalan möhletde konserniň awtoulaglaryň 3,5 million sanysyny satmagy maksat edinýändigini nygtady. Galyberse-de, «Toyota» 2035-nji ýylda doly uglerod bitaraplygyny gazanmakçy bolýar. Kompaniýa elektrik ulaglar üçin batareýalaryň önümçiligi üçin 2 trillion iýene (17,6 mlrd dollar) golaý maýa goýmakçy.
Eýýäm geljek ýyldan başlap, konserniň ilkinji Toyota bZ4X krossoweri dünýäniň birnäçe sebitinde satylyp başlanar, olar Ýaponiýa, Demirgazyk Amerika, Hytaý we Ýewropadyr. Konserniň teklip edýän gibrid, ýagny hem adaty ýangyçda, hem elektrikde işleýän awtoulaglarynyň hatarynda Mirai kysymy hem bar, emma oňa isleg pes derejededir.