Dünýä çempionaty ― 2021-iň ilkinji üç gününden soň, türkmenistanly agyr atletikaçylaryň bu ýaryşyň taryhynda gazanan «kiçi» we «uly» medallarynyň jemi sany 14-e ýetdi. Şolaryň dördüsi altyn, altysy kümüş, galan dördüsi hem bürünç medallardyr. Bu netije bilen Türkmenistan, dünýä döwletleriň sanawynda 44-nji orny eýeleýär. Bu barada "SportMedia" habar berýär.
Şu gezekki dünýä çempionatynda biziň ýygyndymyzdan Ýulduz Jumabaýewa bilen Seýitjan Mirzaýewiň iki sany «kiçi» bürünç medal gazanandygyny ýatladýarys.
Ýeri gelende aýtsak, türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýä çempionatlarynda uly medallaryň dördüsini gazandylar. Olaryň ikisi altyn, galan ikisi bolsa kümüş medallardyr.

