Mekdep okuwçylarynyň arasynda tebigaty goramak babatynda yglan edilen fotosurat bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

13:3210.12.2021
0
8309

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky Milli komissiýasy tarapyndan yglan edilen «Tebigaty gora!» atly fotosurat bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Şu ýylyň mart aýynda yglan edilen bäsleşige Türkmenistanyň dürli sebitlerinden 60-a golaý mekdep okuwçysy 400 çemesi surat hödürlediler.

Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Bähbit Orazalyýew bäsleşigiň Baş baýragyna mynasyp boldy.

Beýleki baýrakly orunlar şeýle kesgitlenildi:

1-nji orun: Läle Rozyýewa, Çärjew etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy;

2-nji orun: Ysmaýyl Ýarjanow, Balkanabat şäherindäki 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy;

3-nji orun: Gulmämmet Çopanow, Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiň okuwçysy.

Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda sylaglandy. Olara ýörite şahadatnamalar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň