Gurban Berdiýewiň topary möwsümdäki ahyrky duşuşygyny Kiprde geçirer

20:0409.12.2021
0
3894

9-njy dekabrdan 10-njy dekabra geçilýän gije Nikosii şäherinde Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň 6-njjy tapgyrynyň çägindäki «Omoniýa» ― «Kaýrat» duşuşygy geçiriler.

Duşuşygyň göni ýaýlymy gije sagat 00:50-de başlanar. Oňa Qazaqstan teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkindir.

Yzda galan bäş tapgyrda «H» toparçada «Bazelde» 11, «Karabahda»-da 11, «Omoniýada» 3, «Kaýratda» 1 utuk bar. Ýaryş tertibinden hem görnüşi ýaly, «Omoniýa» bilen «Kaýrat» ýaryşy dowam etdirmek hukugyny ýitirdi.

Iki toparyň arasynda Almatyda geçirilen duşuşykda hasap açylmandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň