Turkmenportal logo
03.12.21
12081208
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2021: Gazakow soňky 10 möwsümde 50 pökgi geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-ny tapgyrynyň çäginde geçirilen «Merw» ― «Aşgabat» (4:0) duşuşygynda tapawutlanan Pirmyrat Gazakow hem Ýokary liganyň soňky 10 möwsüminde gollarynyň sanyny 50-ä çykaran futbolçylaryň hataryna goşuldy.


Ol 2012-nji ýyldan bäri bu sepgide ýetip bilen 17-nji futbolçy boldy. Indi sepgide iň ýakyn futbolçy «Ahalyň» ýarym goragçysy Amir Gurbanow. Soňky 10 möwsümde onuň hasabynda 49 gol bar.


Ýeri gelende aýtsak, bu sanawyň başyny 142 gol bilen häzir futbola arakesme beren hüjümçi Süleýman Muhadow çekýär. Oňa iň ýakyn futbolçy bolsa 129 golly Myrat Ýagşyýewdir. Geçen möwsümiň iň netijeli futbolçy Altymyrat Annadurdyýewiň hasabynda 121 gol bar.