Şa aýaly Ýelizaweta II bilen telefonda gürleşip bilýänler belli edildi

15:2129.11.2021
0
1537

Žurnalist Jonatan Skaredoti «Us Weekly» žurnalyna beren interwýusynda Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta Ikinji bilen göni eltelefonyna jaň edip gürleşip bilýän adamlar barada gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şa aýaly diňe iki sany belgiden gelen jaňlara jogap berýär.

Olar şa aýalynyň gyzy Anna, şahsy ýaryş ulaglary boýunça menejeri, şa aýalyň ýakyn dostunyň giýewisi Jon Uorrendir.

«Şa aýalyň Samsung kysymly ykjam telefony bar, ol hakerlige garşy MI6 sanly ulgam bilen üpjün edilip, hiç kim onuň telefonyna täsir edip bilmeýär» diýip, Skaredoti gürrüň berdi.

Galyberse-de, Ýelizaweta Ikinji «Facebook» sosial ulgamda akkaunt ýöredýär. Žurnalist 95 ýaşly korol aýalyň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýändigine haýran galýandygyny nygtap, ýokanjyň möwç alýan döwründe onuň zyýaratçylary Zoom formatynda wideomaslahat arkaly kabul edendigini ýatlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň