Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

23:5427.11.2021
0
4674
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

27-nji noýabrda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystanyň Hökümetiniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Myhman mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny we Sammitiň üstünlikli geçirilmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Lider dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym- Žomart Tokaýewa we ähli gazak halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Askar Mamin ýokary derejeli şu duşuşygyň guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän işjeň we netijeli ornuny hem-de parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň maksatlaryna kybap gelýän möhüm halkara başlangyçlaryny Gazagystanyň ähli babatda goldaýandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar YHG-niň XV Sammitiniň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly hem-de dünýä we sebit ösüşiniň möhüm meseleleri girizildi.

Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň şu ýylyň oktýabrynda Aşgabada bolan döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meselelerine, ulag-logistika, energetika ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine deglip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň iki dost-doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Iki ýurduň döwlet senalary ýaňlanandan soň Gazagystanyň Hökümetiniň Baştutany özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň