Turkmenportal logo
25.11.21
13441344
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE Türkiýäniň ykdysadyýetine 10 milliard dollar maýa goýdy
BAE Türkiýäniň ykdysadyýetine 10 milliard dollar maýa goýdy

Birleşen Arap Emirlikleri türk ykdysadyýetine maýa goýmak üçin 10 milliard amerikan dollaryny bölüp berdi, bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berdi.


Bu täzeligi BAE-niň Döwlet maýa goýum gaznasynyň— «Abu Dhabi Development Holdingiň» başlygy Muhammed Hasan as-Suweýdi Ankarada çarşenbe güni metbugat ýygnagynda resmi beýan etdi.


Öň Türkiýe Respublikasynyň Merkezi banky hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Merkezi banky birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekipdiler.


Resminamanyň gol çekişlik dabarasy Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, şeýh Muhammed bin Zaid an-Nahaýýanyň Ankara saparynyň çäklerinde boldy.