Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda täze oýun sahnalaşdyrylýar

11:3825.11.2021
0
1150

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Yşgyň gämisi» atly pýesasy esasynda «Bagtmyka ýa dertmikä?» atly oýun sahnalaşdyrylýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.

Režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýan sahna oýnunda saz sungatyna göwün beren ildeşlerimiziň ykballary hakynda söz açylýar. Oýunda Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa, artistler Döwlet Hojanazarow, Gülşirin Durdyýewa, Gülbahar Gurbangulyýewa, Rejepgül Döwletowa dagy esasy keşpleri ýerine ýetirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň