Turkmenportal logo
15.11.21
12111211
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«New Holland Agriculture T6» «Ýylyň traktory» boldy

Ýewropada her ýyl «Ýylyň traktory» atly bäsleşigi geçirmek däbe öwrüldi. Oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda traktorlaryň dürli görnüşleriniň arasynda olaryň tehniki ýagdaýy, işläp bilijilik ukyby, kuwwatlylygy we şuňa meňzeş ýagdaýlary göz öňünde tutulyp, geçirilýän oba hojalyk sergisinde «New Holland Agriculture T6» kysymly, metan bilen işledilýän traktor «Ýylyň traktory» diýen ada mynasyp boldy. Ýewropada öndürilen bu traktoryň şeýle ada mynasypdygyny bäsleşigiň emin agzalary hem doly makulladylar. Çünki bu traktor bäsleşige gatnaşmagyň şertinde görkezilen üç sany esasy görkezijä laýyklygy bilen, beýleki garşydaş traktorlaryndan öňe saýlandy.


2019-njy ýylda geçirilen «Agrotehnika» sergisinde metanda işledilýän şu kysymly başga bir traktor bu ada mynasyp bolupdy. Ýöne bu gezek «New Holland Agriculture T6» traktory özüniň önümçilikdäki kuwwatlylygynyň hem ýokary görkezijä mynasypdygyny mälim etdi we 2021-nji ýylda Ýewropada «Ýylyň traktory» adyna eýe boldy. Bu barada «agriland.ie» habarlar gullugynyň berýän maglumatyna salgylanyp «Bereketli toprak» gazetinde habar berilýär.