Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýeden Türkmenistana ýörite uçuş amala aşyryldy

23:5930.10.2021
0
59958

Şu gün «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «Boeing 777-200LR» kysymly uçary bilen Stambul ― Türkmenabat aralygynda ýörite uçuş amala aşyryldy. Bu uçuş bilen Türkmenistanyň Türkiýedäki raýatlarynyň bir topary ýurda alnyp gelindi.

Stambulyň halkara how menzilinde T53986 belgi bilen hasaba alnan bu uçuş Türkmenistanyň Hökümetiniň tabşyrygy boýunça amala aşyryldy.

Ýurdumyza getirilen watandaşlarymyz BSGG-niň talaplaryna laýyklykda, karantin gözegçiliginden geçmeli bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň