Turkmenportal logo
29.10.21
11771177
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2021: 2-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:


Üç topar utulmady, bäş topar hem utmady: Türkmenistanyň futbol çempionatynyň yzda galan duşuşyklarynda Ýokary liganyň sekiz wekiliniň üçüsi heniz utulyp görmedi. Bäş topar bolsa onuň tersine heniz ýeňiş bilen ýüzbe-ýüz bolup görenok.


Utuksyz topar ýok: şu tapgyrdan soň utuk gazanmadyk ýeke topar hem galmady.


25 gol: yzda galan duşuşyklarda derwezelere jemi 25 pökgi geçirildi.


17 golçy: möwsümde 17 futbolçy tapawutlandy.


42 duýduryş: 2-nji tapgyrdan soň çempionatda 42 futbolça sary duýduryş karty görkezildi.


«Altyn Asyr» – «Ahal» – 1:3.


Gollar: 55 Selim Ataýew – 33; 11 mj.u., 58 Elman Tagaýew, 45+3 Mekan Saparow; öz derwezesine.


Kerwenbaşy üýtgedi: Bu netijeden soň «Ahal» 7 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyna geçdi. «Altyn asyr» 6 utukda galdy.


Tagaýew ― kerwenbaşy: üç duşuşykda dört gezek tapawutlanan Elman Tagaýewiň möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynyň başyna geçdi.


Bassyr üç duşuşykda: Elman Tagaýew şu ýyl bassyr üç duşuşykda tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy.


Ilkinji awtogolçy: Mekan Saparow şu möwsümde öz derwezesine pökgi geçiren ilkinji futbolçy boldy.


Elman Tagaýew «Ahalyň» ilkinji dörtlüginde: «Ahalyň» düzüminde Ýokary ligadaky 28-nji goluny geçiren toparda 2013-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji dörtlügine girdi.


Tagaýew möwsümiň ikinji dublçusy: Elman Tagaýew möwsümde bir duşuşykda iki gezek tapawutlanan ikinji futbolçy boldy.


«Merw» – «Köpetdag» – 2:2


Gollar: 49 Pirmyrat Gazakow, 53 Amangeldi Saparow – 10 Begenç Akmämmedow, 42 Yhlas Saparmämmedow.


Olar toparyny gerdeni bilen çekýär: Pirmyrat Gazakow bilen Begenç Akmämmedow şu ýyl toparynyň iki duşuşygynda hem tapawutlandy.


10-njy minutdaky ikinji gol: şu möwsümdäki duşuşyklaryň 10-njy minudynda eýýäm ikinji gol geçirildi.


«Nebitçi» – «Şagadam» – 0:0


«Nebitçi» ― sary karty iň kän topar: yzda galan duşuşyklarda «Nebitçiniň» futbolçylaryna jemi 7 gezek sary kart görkezildi. Bu möwsümde iň ýokary netijedir.


«Energetik» – «Aşgabat» – 0:0