Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda bugdaý ekişi tamamlandy

10:0528.10.2021
0
3224

Ahal welaýatynyň gallaçylary güýzlük bugdaý ekişini bellenen möhletde tamamladylar. Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde, welaýatda 195 müň gektar ýere bugdaý ekildi.

Ekiş möwsümi agrotehniki kadalar doly berjaý edilip geçirildi. Munuň özi bu azyklyk ekiniň geljek ýylda ýokary hasyl bermeginiň binýadyny döredýär.

Daýhanlaryň zähmeti üçin amatly şertleriň döredilmegi netijesinde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagynda belent sepgitlere ýetilýär. Döwlet tarapyndan dünýäniň iri önüm öndürijileriniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy daýhanlara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge mümkinçilik berýär. Mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýan berijilere garşy göreş serişdeleri öz wagtynda taýýarlanyldy.

2022-nji ýylda Türkmenistanyň daýhanlarynyň öňünde 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak wezipesi durýar, şonuň 400 müň tonnasy Ahal welaýatynda öndüriler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawyndan ruhlanýan sebitiň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň