Turkmenportal logo
27.10.21
10571057
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Toronto—zenanlaryň ýaşaýşy we işlemegi üçin iň howpsuz şäher

“Blumberg” habarlar gullugynyň žurnalistleri hem-de bilermenleri golaýda zenanlaryň durmuşy üçin amatly iri ilatly şäherleriň sanawyny düzdüler. Munuň üçin uly şäherleriň 15-sinde aýallaryň durmuş şertleri öwrenildi, şonda, esasan, howpsuzlygyň derejesi, ykjamlyk, deňlik, zenanlaryň girdejileri, şeýle-de çaga dogrulmagy bilen bagly zähmet rugsady boýunça ýeňillikler göz öňünde tutuldy, şäherleriň her birinde işleýän zenanlaryň 200-siniň pikirleri soraldy.


Torontodan ötri iň oňat şäherleriň sanawyna Sidneý, Singapur, Pariž, London, Berlin, Tokio, Gonkong, Nýu-Ýork we Amsterdam girdi. Sanawda iň ahyrky orny San-Paulu şäheri eýeledi.


Öň “Blumberg” dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawyny düzüpdi, onda ilkinji orny bütin dünýäde “Walmart” dükanlarynyň 10 müňden gowragynyň eýesi bolan Uoltonlaryň maşgalasy eýeläpdi.