Arhiw

Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

21:3725.10.2021
0
3998
Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasyndaky Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Saýlawlaryň netijesi Siziň ýurduň gülläp ösmegine, onuň halkara giňişliginde abraýynyň yzygiderli artmagyna hem-de doganlyk Özbegistanyň halkynyň abadançylygyna gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň ählihalk goldawyna eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan doganlyk hem-de oňyn gatnaşyklaryň halklarymyzyň nurana geljeginiň bähbidine mundan beýläk hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň