Altaý-Saýan bürgüdi gyşlamak üçin Türkmenistana geldi

16:1021.10.2021
1
8382

Žanna diýlip atlandyrylýan sähra bürgüdi gyşlamak üçin Altaý-Saýan ekosebitinden Türkmenistana uçdy. Bu barada maglumatlar «Sibekocenteriň» ornitologlaryndan alyndy diýip, vg-news saýty habar berýär.

Ekologlar ýörite GSM yzarlaýjylary ulanyp, guşlaryň göçmegine gözegçilik edýärler, esasy howplary kesgitleýärler we ýyrtyjy guşlaryň seýrek görnüşlerini goramak boýunça çäreleri işläp düzýärler.

Žanna şu tomus guş synçylary tarapyndan bellik edilen beýleki sähra bürgütleri bilen ýakyn aragatnaşykda boldy. Ol tomsuň agramly bölegini Russiýa bilen Mongoliýanyň serhedindäki Saýlýugem gerşinde geçirdi. Häzirki wagtda guşuň Türkmenistana baryp ýetendigi takyk kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň