Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pikassonyň nakgaşlyk eseri 24,6 million dollara satyldy

18:1412.10.2021
0
857

Nusgawy nakgaş Pablo Pikassonyň “Çommalyp oturan zenan” (“Femme accroupie”) atly suraty Sotheby's söwda-satyg auksionynda 24,6 million amerikan dollaryna satyldy. Söwda-satyg öýi eýýäm ikinji möwsümdir, Pikassonyň eserleriniň Aziýada hakyky rekord derejede satyn alynýandygyny habar berdi. Mysal üçin, nakgaşyň ikinji aýaly Žakliniň portreti Gonkongda 191 million gonkong dollaryna (24,6 million amerikan dollary) satyldy.

“Femme accroupie” atly bu eserini şekillendiriş sungatynda kubizm ugruny döreden Pikasso 1954-nji ýylda çekipdir.

Emma bu ussadyň iň gymmat nyrh kesilen eseri däl, meselem, geçen maýda Nýu-Ýorkdaky Christie's söwda öýünde onuň “Äpişgäniň öňünde oturan aýal” atly suraty 103 million dollara satyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň