Turkmenportal logo
12.10.21
2107221072
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik yglan edildi
Mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýär.


Bäsleşige Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary (IX-XI synplar) gatnaşyp bilerler.


Bäsleşik baradaky anyk maglumatlar institutyň web-saýtynyň bildirişler bölüminde, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň www.yashlar.gov.tm web-saýtynda hem-de “Nesil” gazetinde ýerleşdirilýär. Insttitutyň resmi wes-saýty: https://www.iirmfa.edu.tm


Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýaşlara “Diplomatiýa – meniň arzuwym”, “Diplomatiýa – parahatçylyk guraly”, “Türkmen halkynyň taryhy – parahatçylygy dörediji diplomatiýanyň nusgasy” atly temalar ýa-da özbaşdak saýlanyp alnan degişlilikdäki derwaýys tema boýunça 5-10 sahypa (A4 format, 1,5 interwal) möçberindäki erkin žanrda ýazylan ylmy-döredijilik işini HGI-niň parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna elektron tekst görnüşinde ibermek teklip edilýär.


Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýaşlara olaryň ylmy-döredijilik işleriniň ýany bilen özleri baradaky gysgaça maglumatlaryny — adyny we familiýasyny, öý salgysyny, okaýan mekdebini, telefon belgisini, terjimehalyny, okuw we döredijilik, olimpiadalardaky, sport ýa-da beýleki bäsleşiklerdäki üstünlikleri, gyzyklanýan temalary barada maglumatlary, şeýle hem resminama üçin 3×4 ölçegli suratyny parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna elektron tekst görnüşinde ibermek teklip edilýär.


Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren dalaşgärleriň deslapky topary ylmy-döredijilik işlerini seljermek we olara baha bermegiň iň oňat netijeleri boýunça kesgitlener.


Bäsleşige gatnaşmak isleýän mekdep okuwçylary şu telefon belgisi bilen habarlaşyp bilerler: 22-02-63