Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri baradaky täze kitaby çapdan çykdy

22:4308.10.2021
0
9622

Hökümetiň 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gabatlap, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 13-nji tomuny tamamlandygyny habar berdi.

Türkmen Lideri wise-premýer S.Toýlyýewe baýramçylyk gününde bu kitabyň lukmanlara paýlanmagyny guramaçylykly geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Bu kitap Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylda ýazan üçünji kitaby. Şu ýylyň maý aýynda paýtagtyň 140 ýyllygy mynasybetli Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly kitaby neşir edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň