Top.Mail.Ru

Arhiw

Angliýada lukmanlar ýetmezçilik edýär

18:4014.09.2021
0
1274

Angliýada öňdäki gyş 50 müň sany lukmanyň ýetmeýändigi zerarly iň kyn döwür bolar, bu barada ýurduň British Medical Association (BMA) kärdeşler arkalaşyklarynyň habarynda nygtalýar. “Angliýada lukmanlaryň sany Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlaryndaky bilen deňeşdirilende, gaty azdyr, ýurda häzir 50 müň töweregi lukman gerek, şonuň üçin öňdäki gyş saglygy goraýyş edaralary üçin taryhda iň agyr döwür bolar” diýip, BMA-nyň hasabatynda aýdylýar.

Gurama häzir Britaniýada her müň adama 2,8 lukmanyň düşýändigini, bu görkezijiniň ÝB-da 3,7 lukmana deňdigini habar berýär.

“Gyş— saglygy goraýyş gullugy üçin iň agyr möwsümdir, geçen ýyl biz COVID-19 bilen bagly işlere zordan hötde geldik, bu ýyl gulluklarymyzyň şeýle ýagdaýyň hötdesinden geljekdigine şübhelenýäris” diýip, BMA-nyň geňeşiniň başlygy Çaand Nagpol metbugata beren beýanatynda nygtady.

Guramanyň hasaplamalaryna görä, saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň maliýeleşdirilmegi üçin 2023-2024-nji ýyllar üçin bellenen 154,9 milliard funt-sterlingiň ýene 10 milliard funt-sterling möçberde artdyrylmagy gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň