Turkmenportal logo
11.09.21
61886188
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şweýsariýada buzuň üsti ýorgan bilen örtülýär
Şweýsariýada buzuň üsti ýorgan bilen örtülýär

Buzlaryň eremeginiň öňüni almak üçin Şweýsariýadaky Titlis dagy gyssagly ýüň ýorgan bilen örtülýär.


5-6 hepdäniň dowamynda bu ýerde buz üçin izolýasiýa döredýän, eremegini ep-esli haýalladýan 100 müň inedördül metre golaý ak mata örtüldi. Ýerli häkimiýetler munuň öňräk şeýdilmelidigini tassyklaýarlar.


Titlis dagy täsin buzluklary bilen gyşky sport höwesjeňleri üçin meşhur ýer we Şweýsariýada buýsanç we ykdysady durnuklylyk çeşmesidir. Ozal Titlisdäki gar iň gyzgyn gelýän tomuslarda hem eremeýärdi, ýöne howanyň üýtgemegi sebäpli dagyň esasy buzlugy ep-esli azaldy. Alternatiw usullar tapylýança, ullakan ýüň ýorganlar buzlaryň eremegini haýalladar.