«Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, meýilnamalaşdyrylan döwürde 111 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Olaryň aglaba böleginiň hususy pudaga degişlidigi bellärliklidir ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ykdysadyýetde iş bilen meşgullanýanlaryň 75 göterime golaýynyň hususy pudakda zähmet çekmegi häzirki döwürde hem bu ösüş meýliniň durnukly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldaw bolsa ýurdumyzda işiň bu görnüşiniň geriminiň mundan beýläk-de giňejekdigini görkezýär.
Jemi içerki önümde hususyýetçiligiň paýynyň 70 göterime golaýlamagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hususy bölegiň tutýan ornunyň uludygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.