«Güneşli Zaman» şereketi boş iş ornunynyň bardygyny habar berýär

20:1406.09.2021
0
15585

Gozgalmaýan emläk gullugy bolan «Güneşli Zaman» şereketi satuw we amallary ýapmak hünäri boýunça hünärmen wezipesine boş iş ornunyň bardygyny habar berýär.

Dalaşgärler üçin bildirilýän talaplar:

  • ýokary bilimli bolmaly;
  • kompýuterde esasy ofis programmalary, elektron kataloglar bilen işläp bilmek ukyby bolmaly;
  • täjirçilik hünäri boýunça iş tejribesi bolmaly;
  • müşderiler bilen işleşmek boýunça iş tejribesi bolmaly;
  • sürüjilik şahadatnamasy we awtoulagy bolmaly;
  • esasy täjirçilik resminamalaryny (şertnamalar, hasaplar, delilnama (aktlar), we ş.m.) gaýtadan işlemek tejribe.

Geljekki hünärmeniň wezipeleri şu aşadaky hyzmatlary öz içine alýar:

  • müşderilere täze önümler we ýörite teklipler barada maglumat bermek;
  • kompaniýa bilen eýýäm hyzmatdaşlyk eden müşderilere beýleki hyzmatlary hödürlemek;
  • müşderileri goldamak we maslahat bermek, müşderi binýadyny saklamak, müşderiler bilen işleriň hasaba alynyşy, ýerine ýetirilen işler barada gündelik hasabat bermek.

Iş ýerindäki bonuslar: okuwlara, seminarlara we konferensiýalara mugt gatnaşmak, satuw tehnologiýalary, aragatnaşyk psihologiýasy, şahsy netijelilik.

Doly iş güni bilen, aýlygy 5 müň manatdan 20 müň manada çenli bolar. Her bir dalaşgär synag tabşyrygyny tamamlamaly we synag möhletini geçmeli bolar.

Habarlaşmaklyk üçin telefon belgiler: 95-40-61, 95-40-62.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň