Turkmenportal logo
02.09.21
11661166
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG: zeminiň ýaşaýjylarynyň ýarsyndan gowragy üçin durmuş goraglylygy elýeterli däl

Dünýäniň ilatynyň ýarsyndan gowragy, ýagny 4,1 milliard adama durmuş goraglylygynyň haýsydyr bir görnüşi elýeterli däl, bu barada BMG-niň Halkara Zähmet guramasynyň (HZG) nutugynda bellenýär.


Geçen 2020-nji ýylda dünýä ilatynyň 46,9 göterimi üçin saglygy goraýyş ulgamynda ýa-da garrylyk, işsizlik, kesel, maýyplyk, enelik, maşgalanyň ekleýjisini ýitirmegi, köpçagalylyk sebäpli iň bolmanda bir kömek çäresi elýeterlidi.


Ýagdaý COVID-19 pandemiýasy döwründe has-da ýitileşdi.


Guramanyň başlygy Gaý Raýder häzirki wagtda tizden-tiz ilatyň durmuş goraglylygy babatda ulgamlaryň täze ugruny döretmegiň möhümdigini nygtady.


Bu meseläniň aradan aýrylmagyna ýaramaz täsir edýän ýagdaýlaryň biri-de, epidemiýa zerarly lukmançylyk hyzmatlarynyň nyrhynyň görnetin ýokary galmagy bolup durýar.